Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogandan hat gelip gowuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türk Lideriniň türkmen halkynyň Milli Liderine iberen hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär: — Onuň Alyhezreti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Gadyrly doganym! Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagy we ösdürmegi maksat edinýändigimizi beýan etmek bilen, Türkiýäniň halkynyň adyndan hem-de öz adymdan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir