Kaliforniýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary 2023-nji ýylda öň ylma belli bolmadyk janly-jandarlaryň 153-sini tapandyklaryny habar berdiler, olaryň hatarynda 66 möý, 20 deňiz slizenleri (mollýusklar toparyndan bolan oňurgasyz jandar), 18 ösümlik, 13 deňiz ýyldyzy, 12 hažžyk, 10 tomzak, bäş balyk, gurçuklaryň dört görnüşi, iki ary, bir deňiz ulitkasy, bir içýan we bir aýaksyz ssink bar. Alymlar bu görnüşleriň käbiriniň golaý geljekde ýitip ýok bolmagynyň mümkindigini belleýärler. Mysal üçin, olaryň arasynda San-Hokain çölünden bolan içýan bar, oňa ylymda «Paruroctonus tulare» diýip at berdiler. Bu görnüşiň köpelmegine howanyň üýtgemegi we oba hojalygyň ösmegi päsgel berýär. Açyşlaryň hatarynda Günbatar Awstraliýada duşýan 19 sany ýasy möýler, Kosta-Rikadaky gülleýän ösümlik hem bar, ony alymlar 150 ýyllap başga bir ösümlik görnüşine degişli edipdirler diýip, «Phys.org» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir