Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň köpugurly «Nebitmaş» döwlet kärhanasy içerki we daşarky bazarlar üçin önümleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Kärhananyň sargyt ediji müşderileri ýurduň nebitgaz we elektroenergetika senagatynyň, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň düzümindäki bölümler bolup durýar. «Nebitmaş» şu önümleri öndürýär: - nebit we gaz guýulary burawlananda toz görnüşli materiallary taýýarlamak, agramlamak we saklamak üçin niýetlenen önümler, AGP haryt nyşanly nebit akymyny awtomatiki gyzdyryjy enjamlar, gaz gyzdyryjylary, terminaldan gämä nebit önümlerini akdyrmak, deňiz-derýa tankerlerinden we ş.m. nebit önümlerini geçirmek we ýüklemek üçin niýetlenen URU-300 gurnamalary; - daşky bloklar, transformator we yşyklandyryş stansiýalary, ýokary woltly goraýjylar we dürli modifikasiýaly birleşdiriji armaturlar, izolýatorlar, şol sanda ýokary woltly liniýalar üçin niýetlenen izolirlenmedik we izolirlenen simli ŞF-20 farfor izolýatorlar; - demir gaplar; dürli ölçegdäki gaz peçleri we ýylylyk çalşygy bolan dürli göwrümdäki ýyladyş gurnamalary; - infrastruktura desgalary, şol sanda ýokary gatly metal konstruksiýalary — geologiki gözleg, magdançylyk, obýektleri goramak ýaly işlerde giňden peýdalanylýan gözegçilik diňleri, gözegçilik ýeri hökmünde oňaýly we giň wagon görnüşli öýler; - nebitgaz we elektrotehniki pudagyň kärhanalarynyň işçileri üçin ýörite iş geýimi: kurtkalar, buşlatlar, jalbarlar we islendik çylşyrymly işler ýerine ýetirilende adamlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän beýleki önümler; - tokar-frezer hem-de demir ussaçylyk işlerinde öndürilen dürli metal we garyndy önümleri; - kondisionirleme ulgamlaryny we sowadyjy enjamlary gurnama hem-de abatlaýyş hyzmatlaryny hödürleýär. «Nebitmaş» döwlet kärhanasy — Türkmenistanyň örän köp ýyllardan bäri işläp gelýän kärhanasy importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürip, ýurtda senagat önümçiliginiň üstünlikli ösdürilmegine aýdyň mysal bolup durýar. Kärhana önümçilik işleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýokary hilli önümleriň görnüşini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam edýän dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen zawodyň ussahanalaryny enjamlaşdyrmaga aýratyn üns berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir