Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy «Gündogar — Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we Ýewraziýanyň halk sungaty» atly halkara festiwala gatnaşdy. Festiwal 23-nji dekabrda Duşenbe şäherine geçirildi. Bu barada «nCa» portaly habar berdi. Täjigistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylmy we jemgyýetçilik guramalary, şeýle-de dünýäniň birnäçe ýurdundan döredijilik toparlary gatnaşdylar. Festiwalyň çäginde halkara sergi hem guraldy. Sergidäki türkmen diwarlygy milli şaý-sepler we elde dokalan halylar, ussat senetçileriň elinden çykan önümler hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen bezeldi. Mundan başga-da, sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri hem-de beýleki neşirler görkezilişe çykaryldy. Halkara sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli diwarlygyna ýokary baha berdiler. «Gündogar — Günbatar: GDA-nyň medeni giňişliginde aýdym-saz däpleri we Ýewraziýanyň halk sungaty» halkara festiwalynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasyna Täjigistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan diplom gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir