Kino ýyldyzy Leonardo Di Kaprio Gazagystanyň hökümetini seýrek haýwanlary gorap saklamakdaky üstünlikler bilen gutlady diýip, «24KZ» ýazýar. Bu barada aktýor özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy, gürrüň onda mundan 20 ýyl öňem ýitip ýok bolmak howpy abanan saýgaklar barada barýar. 2005-nji ýylda olaryň Gazagystanda bary-ýogy 48 müňüsi bardy, häzir olar 2 milliona golaýlaýar. Öň Gazagystanyň saýgaklaryň sanyny köpeltmekde gazanan üstünliklerini Tebigaty goramagyň halkara bileleşigi hem belläpdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir