Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi ýurduň ýolbaşçylaryna, halkyna we çagalaryna gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi. «Senenamanyň aýlawy diňe bir wagtyň akymyny däl, eýsem ähli çagalar üçin ýagty geljegi döretmek baradaky umydy, rehimdarlygy we ygrarlylygy täzelemäge mümkinçiligi alamatlandyrýar» diýip, Faýýazi belledi. Ol özüniň gutlagynda geçen ýylyň möhüm wakalaryny hem ýatlady. Hususan-da, 2023-nji ýylda milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde türkmen sanly ses sintezleýjisi işe girizildi, bu programma ilkinji gezek Türkmenistanda görşi pes adamlara türkmen dilindäki hatlara düşünmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak temalary mekdep okuwçylary üçin ekologik bilimiň çäginde tutuş ýurt boýunça başlangyç we orta mekdepleriň okuw maksatnamalaryna girizildi. Faýýazi ÝUNISEF-iň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we türkmen hyzmatdaşlaryna umumy wezipäni ýerine ýetirmäge goşan goşandy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Sözüniň ahyrynda ÝUNISEF-iň wekili türkmen halkyna ýetip gelýän ýylda şatlyk, abadançylyk we jan saglyk, Türkmenistanyň çagalaryna bolsa Täze ýylyň egsilmez gülki, bagt we ajaýyp duýgulary getirmegini arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir