Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara keseli anyklaýyş-bejeriş işleri geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin 200 müň amerikan dollaryny bölüp bermek barada karar kabul edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatdaky çözgüdi makullap, degişli resminama gol çekdi hem-de degişli çykdajylary gaznanyň pul serişdeleriniň hasabyna tölemäge ygtyýar berdi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy howandarlyga mätäç çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça işe hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini nygtady. Ýeri gelende bellesek, bölünip berlen 200 müň amerikan dollaryna emeli gan aýlanyş şertlerinde açyk ýürekde we endowaskulýar usuly bilen ýürek-damar ulgamynyň dogabitdi kesellerini bejermegi dowam etdirmek boýunça zerur sarp ediş serişdelerini, stentirlemek boýunça zerur bolan ezofagointestinal biostentler toplumyny, şeýle hem ureteral stentler toplumyny satyn almak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir