Rus aýdymçylary Nýuşa we Olga Şultaýs 26-njy dekabrda Täze ýyl konsertini bermek üçin Türkmenistanyň paýtagtyna geldiler. Myhmanlar Aşgabadyň halkara howa menzilinde mähirli garşylandy. Bu barada HHM habar berdi. Asly aşgabatly Olga Şultaýs nobatdaky gezek, ýöne bu sapar çagyrylan myhman hökmünde türkmen paýtagtyna gaýdyp gelendiginden hoşaldygyny aýtdy. «Konsertde tomaşaçylary görenimde diýseň begenerin. Meniň üçin bu adaty konsert däl. Bu has möhüm zat. Sebäbi ata Watanyňda aýdym aýtmagyň özi beýan edip bolmajak duýgy» diýip, Şultaýs belledi. Ýeri gelende, Nyuşanyň we Olga Şultaýsyň konsertiniň 26-njy dekabrda Aşgabatdaky gyşky sport toplumynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Konsert sagat 18:00-da başlaýar. Mundan başga-da, ozal habar berşimiz ýaly, 25-nji dekabrda Aşgabatda türk ýyldyzlary Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşunyň hem konserti bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir