Türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň şu gün Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda konsert bermek üçin Aşgabada geldiler. Bu barada HHM habar berdi. Türk ýyldyzlary bilelikdäki söhbetdeşlikde Türkmenistana baryp gelip çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdiler we Täze 2024-nji ýyl mynasybetli türkmen halkyna iň gowy arzuwlar bilen ýüzlendiler. Ozal habar berşimiz ýaly, türkiýeli aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş Türkmenistanda ilkinji gezek konsert berýärler. Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guraljak konserti şu gün Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Konsert sagat 18:00-da başlanar. Ýeri gelende bellesek, Burak Bulut 1996-njy ýylda Türkiýäniň Elýagiz şäherinde dünýä inýär. Ýakynda Kurtuluş Kuş bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymlary oňa meşhurlyk getirdi. Kurtuluş Kuş bolsa 1997-nji ýylda Türkiýäniň Karamanda şäherinde dünýä inýär. Ol «Rüzýa Gibi», «El Insaf» ýaly aýdymlary bilen meşhurlyga eýe boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir