Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda müňlerçe iş orunlary dörediler. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilişi ýaly, bu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berendigini aýdyp, Milli Lider ajaýyp mekanda täze binalaryň, desgalaryň gurlup, ýaşaýşyň gülläp ösýändigini aýratyn nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, senagat desgalarynyň gurluşygyna-da uly ähmiýet beriljekdigini, şunda ekologik talaplara doly laýyk gelýän önümçilikleriň ýola goýuljakdygyny belledi. Döwrebap şäherde gurlan giň we ýagty otagly ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, çagalar baglary, sport desgalarydyr söwda merkezleri, saglyk edaralary göwnüňi galkyndyrýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär diýip, Gahryma Arkadag nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir