2028-nji ýyla çenli dünýäniň robot bazarynyň möçberi iki esse artyp, 260 mlrd dollara deň bolar. Olara senagat pudagynda, mysal üçin, awtoulag kärhanalarynda isleg has artar diýip, «24KZ» ýazýar. Bir tarapdan, robotlaşdyrmak önümçiligi artdyrmaga hem-de zähmet töwekgelçiliklerini kemeltmäge mümkinçilik berse, beýleki tarapdan, iş orunlarynyň geljegi barada howatyrlanma döredýär. Emma oňyn pikirlerem bar, Bütindünýä ykdysady forumynyň maglumatlaryna görä, awtomatlaşdyrmak iş orunlaryny ýok etmän, gaýtam artdyrar. Häzirki wagtda robotlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýärler. Soňky ýigrimi ýylda robotlaryň sany iki esse artdy, häzir olaryň sany 3 million töweregi, hasaplamalara görä, 2030-njy ýylda robotlar 6 esse köpeler. Özem olaryň köp bölegi Hytaýda öndüriler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir