Ukynyň ýetmezligi adamy özüni bagtsyz duýmaga eltip biler diýip, britan alymlary netijä geldiler. Alymlar topary bu ugurda öň geçirilen barlaglaryň 154-sini seljerdiler. Ol ylmy-barlaglar 7-den 79 ýaş aralygyndakylaryň bäş müňden gowragyny öz içine alypdyr. Alnan netijeler gije ukusynyň bary-ýogy bir sagat kemelmeginiň adamyň keýpine ýaramaz täsir edýändigini görkezdi. Netijede, adam oňyn pikirlenmegini bes edip, onda lapykeçlik, bagtsyzlyk duýgusy döreýär. Eger ukynyň dowamlylygy adatdakydan üç-dört sagat kemelse, adamyň özüni duýşy has-da ýaramazlaşýar, onda durmuşdan umytsyzlyk duýgusy güýçlenýär, şeýle-de howsaladyr göwnüçökgünlik alamatlar peýda bolýar diýip, «Psychological Bulletin» neşiri ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir