Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Häkimler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleme, geriş çekmek işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, bejermek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Häkimler welaýatlarda Täze ýyl baýramyny ýokary guramaçylykly geçirmek hem-de bazarlary we dükanlary azyk önümleri bilen doly üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada hem aýtdylar. Welaýatlarda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmeginiň, şeýle hem ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjünçiliginiň gözegçilikde saklanýandygy barada hem hasabat berildi. Häkimler baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündiz nobatçylygy guramak boýunça degişli işleriň geçirilýändigini habar berdiler. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de oba hojalygy boýunça we welaýatlarda alnyp barylýan beýleki işler babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynda işleýän alymlaryň we tejribeli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda welaýatlara iş saparlarynyň guralýandygy we saparlaryň dowamynda ýerlerde alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça geçirilýän degişli işleriň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, bazarlaryň we dükanlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir