Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby çapdan çykdy. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, döwlet Baştutany bu barada şu gün obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda aýtdy. Bellenişi ýaly, täze kitapda Türkmenistanyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. — Bu kitap bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanýar. Men bu kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir