Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwer başlangyçlaryna bagyşlanyp, «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary — çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk ýoly» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Mejlisiň deputatlary, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, degişli halkara düzümleriň Türkmenistandaky wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň wekilleridir beýleki ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi. Dabaraly maslahat başlanmazyndan ozal, myhmanlar bu merkeziň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde olar milli mukamyň owazy astynda Gahryman Arkadagyň kitaplarynyň sergisi, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik eseri bilen tanyşdylar. Şeýle-de sergide ýurduň derman senagatynyň gazananlary — türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden ýörite usul arkaly taýýarlanylan melhem çaýlar görkezildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmegiň hem-de onda garalan meseleleriň möhümdigi nygtaldy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda Gahryman Arkadagyň «Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi. Nesilleriň dowamaty — döwürleriň baglanyşygy» diýen jümleleriniň many-mazmunyna we ähmiýetine ünsi çekdiler. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir