Ozal habar berşimiz ýaly, 25-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow göni aragatnaşykda döwlet Baştutanyny we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. D.Orazow öz çykyşynyň dowamynda ýakynda «Arkadag» futbol toparynyň Türkmenistanyň çempiony bolandygy hem-de Türkmenistanyň Kubogyny alandygy baradaky hoş habary mälim etdi we döwlet Baştutanyndan «Arkadag» futbol toparynyň topuna ýadygärlik üçin gol çekip bermegini uly hormat bilen haýyş etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň futbol toparynyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, ýurduň çempiony bolandygyny we final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny belledi hem-de «Arkadag» futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw edip, topar üçin ýörite niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir