Ýeriň ozon gatlagy kem-kemden dikelýär diýip, Bütindünýä meteorologiýa guramasy habar berdi diýip, «24KZ» ýazýar. Ozon gatlagy 1970-nji ýyllarda ýukalyp başlady we aradan 15 ýyl geçensoň, onda uly deşik emele geldi. Netijede, 46 ýurt howa taşlanýan zäherli himikatlaryň umumy zyňyndylaryny azaltmaga borçlandylar. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, planetamyzyň uly böleginde ozon gatlagy ilkibaşky derejesine 2040-njy ýylda gaýdyp geler. Antarktidanyň üstünde-de özgerişlikler has soňrak, 2066-njy ýylda dörär. BMG-niň hünärmenleri ozon gatlagynyň dikelmeginiň howanyň ählumumy maýlamasynyň täsirini gowşadyp biler diýip, belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir