Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburga iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berdi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň uçary Sankt-Peterburg şäherindäki «Pulkowo» Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. «Özüniň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA gatnaşyjy döwletler bilen gatnaşyklary deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini we umumy maksatlary nazara almak bilen ýola goýýar. Ýurdumyzyň bu garaýyşlary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, dürli ulgamlarda ähli taraplar üçin ähmiýetli bolan iri bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär» diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir