2023-nji ýylyň ýylyň ýanwar ― noýabr aýlarynda Lebap welaýatynyň senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 5 892,4 million manada barabar boldy. Jeyhun.news saýtynyň welaýat gazetine salgylanyp, habar bermegine görä, şu ýylda welaýatda öndürilen senagat harytlarynyň 71,7 göterimi eksport edildi. Hasabat döwründe sarp ediş harytlarynyň jemi öndürilişi 4 504,8 million manada, şonuň döwlete dahylly bölegi bolsa 503,8 million manada deň boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir