Ozal habar berşimiz ýaly, 24-nji dekabrda Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli eýranly türkmen repçisi Emin Rasen konsert berdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda rep aýdyjysy bilen gazetiň habarçysynyň taýýarlan söhbetdeşligi çap edildi. Onda şeýle diýilýär: «— Emin, sizi şu gün şu ýere getiren sungat. Siziň özüňiz sungata haçan geldiňiz? Söhbedi şondan, ýagny başdan başlaýalyň! — Sungata gelenime on dört ýyl dagy boldy. Edil köpler ýaly, menem ilki ýüregimdäkini depdere ýazardym. Soň-soňlar olary aýdym edip başladym. Umuman, ýüregimdäki aýdasym gelýän zatlarym meni aýdym-saza getirdi. Aýdym-sazam meni, ine, şu güne getirdi. Şu günem men ilkinji gezek ata Watanym Türkmenistanda. Bu toprak biziň üçin mukaddes. Aşgabat şäheri owadanlygy, arassalygy, ýollarynyň giňligi bilen haýran galdyrdy. — «Akylly» şäheriň özüňizde galdyran täsirleri... — Sözüňiziň yzyny özüm dowam edeýin. Arkadag şäheri barada köp eşidipdim. Ýöne eşitmek başga, görmek başga. Ol şäherde aýlanmak maňa başgaça duýgulary bagyşlady. Dogrymy aýtsam, şäherden gaýdasym gelmedi. Az wagtyň dowamynda dörän şäheri gudrat diýip atlandyrasym gelýär. Men özümi dilewar hasaplasamam, şäheri taryplamak babatda näme diýsem bärden gaýdaryn. Şol duýgulardan püre-pürlenip ýörşüme, biz az wagtyň dowamynda birnäçe aýdymlary ýazdyk. Aýdymlar hem Arkadagly Serdar barada, hem Magtymguly Pyragy, türkmençiligimiz barada. — Nesip bolsa, indiki ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem dünýä derejesinde bellenilip geçiler. — Elbetde, bu örän uly waka. Bilşimiz ýaly, Magtymguly atamyzyň iň uly arzuwy ähli türkmenleriň agzybirligi bolupdyr. Biziň edip biljek işimiz bolsa onuň öňe süren pikirini il-güne ýetirmek bolup durýar. Şo-da biziň beýik şahyra edip biljek iň uly hormatymyz bolsa gerek. Nesip bolsa, biz hem akyldar şahyrymyzyň öňe sürýän pikirlerini aýdymlarymyza salyp, ony diňleýjilerimize ýetireris. — Magtymguly Pyragynyň dili, ýagny türkmen dili siziň saýlap alan aýdym görnüşiňiz üçin nähili derejede sazlaşýar? Türkmen dili repe nähili artykmaçlyklary berýär? — Biziň ene dilimiz beýleki türki dillerden has şireli dil diýip hasaplaýan. Ähli türki dillerem gözbaşyny türkmen dilinden alan diýlip hasaplanylýar. Biziň dilimiziň, edebiýatymyzyň çuňňurlygy, owadanlygy heňi hasam owadanlaýar. Meselem, «uç», «öç», «ö:ç» hersi bir many berýär. Ýa aýdymlarymdan ýatlaýyn. «Ýa öterin, ýa utaryn...» ýa-da «Ýa ýeterin, ýa ýiterin...». Aýdylyşy golaý ýaly bolsa-da, manylary dürli-dürli. Şu-da biziň dilimiziň has baýdygyny, köpöwüşginlidigini görkezýär. — Şu setirleriňizi, aýdyma-saza salan türkmen diliňizi ilkinji gezek türkmen diňleýjilerine ýetirmek nähili duýgy? — Ilki bilen, bu meniň üçin uly bagt. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Ata Watana gelmegiň özi üýtgeşik duýgy. Şu konserti guramaga ýardam berenlere hoşallygym çäksizdir. Ýeke özüm bu zatlary başarmazdym. Bu işleri biz üýşüp etdik, edýäs. Ine, bize ata Watana gelmek hem nesip etdi. Sungat halklary has-da ýakynlaşdyrýar. Ýene bir bellemeli zat: men türkmen bagşylaryny uly hormat goýup diňleýän. Hemme türkmen bagşylaryny öz doganlarym hasaplaýan. Olaryň ählisiniň mundan beýlägem abraý almaklaryny isleýän. — Emin, şu ýerde maşgalaňyz barada hem aýdyp beräýseňiz! — Atam Türkmensährada ekin ekýär. Men aýdym-sazdan boş wagtlarym atama kömekleşýän. Atam-enem meniň her bir edýän işime goltgy berip durdular. Höwesime böwet bolmadylar. Enem hemişe meniň aladamy edip gezýär. Meniň pikirimçe, maşgala hemme zatdan öňde bolmaly... Maşgala beýik baýlyk. Maşgalaň goldawy ähli işde ugrukdyryjy bolup hyzmat edýär. Hudaý her bir adama talant beripdir. Magtymguly şahyra öz sözüni beripdir, Möwlana öz sözüni beripdir. Allanyň hazynasy gutarmaýar. Her kim öz nobatynda öz sözüni aýdýar. Her kime öz sözüni aýtmaga-da mümkinçilik döredilýär. Bu gün eýran-türkmen gatnaşyklary ýurtlarymyzyň Baştutanlarynyň tagallasy bilen ýokary derejä eýe boldy. Birek-biregiňkide Medeniýet günleri yzygiderli geçirilip dur. Şu günki konsert hem oňyn medeni gatnaşyklaryň çäginde bolýar. Nesip bolsa, bu gatnaşyklaryň hemişe-de rowaçlyklara beslenjekdigine ynanýan. — Ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly tamamlanyp barýar. Söhbetdeşligimizi ýaşlaryň söýüp diňleýän rep aýdymçysynyň olara berjek maslahaty bilen jemläýeliň! — Türkmen ýaşlarynyň gahrymanlary beýik-beýik hanlar, soltanlar, dana alymlar, aryplar. Şolary unutmajak bolalyň! Şolary unutsak, ene dilimizi unutdygymyz bolar. Türkmen dilini ýaşatmak hemmämiziň borjumyz. Men hem öz borjumy aýdyma geçirip, diňleýjilere ýetirýän. Aýdymymda «her dili bilmeli, bir dilde ölmeli» diýen setirimem bar. Meniň öz düşünişim şeýle: maşgalam üçin, muşdaklarym üçin, bizi söýenler üçin saýlap alan ýolumy dowam etjek bolýan. Ýaşlara-da şony maslahat berýän. Özüňize ýakynlar, sizi gowy görýänler üçin ýaşaň! Söýýän işiňizi ediň!».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir