Türkmenistanda 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Taze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek, bazarlary we dükanlary azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek, şeýle hem obasenagat toplumyny ösdürmek bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi we söwda nokatlarynyň dürli azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi. 2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny iberdi. Onda ýurduň raýatlaryna Täze 2024-nji ýylda-da berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň 2023-nji ýylyň ajaýyp wakalarynyň biri bolandygyny aýtdy. 3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby çapdan çykdy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, onda ýurduň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Bu kitap ýylyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gabatlanylyp neşir ediler. 4. Türk ýyldyzlary Burak Bulutyň we Kurtuluş Kuşuň Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen Täze ýyl konsertine köp sanly tomaşaçylar ýygnadylar. Aýdymçylar halaýan meşhur aýdymlary we täze eserleri bilen tomaşaçylary begendirdi. Tomaşaçylar aýdymçylaryň çykyşlaryny höwes bilen garşy aldylar, meşhur kompozisiýalary bilelikde ýerine ýetirdiler we her çykyşy el çarpyşmalar bilen goldadylar. Burak Bulut we Kurtuluş Kuş üçin bu Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen ilkinji konsert boldy. Aýdymçylaryň ozal Aşgabatda çykyş etmändigine garamazdan, tomaşaçylar olary mähirli garşyladylar we konsertiň tutuş dowamynda goldadylar. 5. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde howandarlyga mätäç çagalarda bejeriş işlerini geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin, 200 müň amerikan dollaryny bölüp bermek karary kabul edildi. türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow degişli çözgüdi makullap, Haýyr-sahawat gaznasyna görkezilen çykdajylary tölemäge ygtyýar bermek hakynda resminama gol çekdi. 6. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Sankt-Peterburga bardy. Döwlet Baştutanynyň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» halkara howa menziline gondy. Bu ýerde ony resmi adamlar garşyladylar. Dünýäde 7. Amerikaly aktýor we daşky gurşawy goraýjy Leonardo Di Kaprio Gazagystanyň hökümetiniň saýgaklarynyň sanyny dikeltmekdäki üstünliklerini belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, 2005-nji ýylda Gazagystanda bary-ýogy 48 müň saýgak bardy, emma häzirki wagtda olaryň sany ýabany tebigatda 2 milliona golaýlady. Di Kaprio Gazagystanyň hökümetiniň brakonerlige garşy göreşmek, kanuny tertibi üpjün etmek we täze goralýan ýerleri döretmek üçin köp mukdarda maýa goýandygyny aýtdy. 8. Ýakynda Kaliforniýanyň Pasadina şäherinde ýekeje işgäri hem bolmadyk dünýädäki ilkinji restoran açylar. Sargyt bermekden taýýarlyk işine çenli ähli amallar awtomatlaşdyrylar. Bu restoran «Miso Robotics» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Flippy» robot-manipulýatorlary bilen işlär. Robotlar sargytlary kabul ederler, naharlary taýýarlarlar we hatda myhmanlara hyzmat ederler. Sport habarlary 9. Prezident Serdar Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparyny Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempiony we futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolmagy mynasybetli gutlady. Döwlet ähmiýetli adybir şäheriň futbol toparynyň üstünlikleri baradaky hoş habary döwlet Baştutanyna Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow aýtdy. Sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw etdi hem-de toparyň topuna gol çekdi. 10. Aşgabatda basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy tamamlandy. Bäsleşige ýurduň dürli künjeklerinden 6 sany erkekler we 6 sany zenanlar toparlary gatnaşdy. Oýunlar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirildi. Bäş gün dowam eden ýaryşyň netijelerine görä, «Aşgabat 1» toparynyň basketbolçylary zenanlaryň arasyndaky ýaryşda ýeňiji boldular. Erkekleriň arasynda «MGSK» topary birinji orna we Kubogyň eýesi diýen ada mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir