Ýylyň ahyrynda, adatça, onuň jemi jemlenýär, şol sanda jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegler hasaplanýar. Häzirki wagtda munuň üçin kän wagt we zähmet gerek däl. «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýurduň islendik ilatly nokadynda ýerleşýän bölümine barmak ýeterlikdir. Olarda döwlet hyzmatlary üçin tölegleri tölemek üçin ähli şertler döredilendir. Şeýle hem bu maksatlar üçin öýüňizden çykman, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň «Çapar» atly köpugurly ykjam programmasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilersiňiz. «Çapar» ykjam programmasynyň kömegi bilen gaz, suw, elektrik energiýasy üçin tölegleri, şeýle hem «Älem TV» emeli hemra teleýaýlymynyň we «Belet Film» onlaýn kinoteatrynyň töleglerini tölemek, öýjükli hem-de öý telefonlarynyň, internetiň, kabel telewideniýesiniň, IPTV-niň balanslaryny doldurmak we beýlekiler mümkindir. Ýeri gelende bellesek, «Türkmenpoçta» ilata hödürlenýän häzirki zaman hyzmatlaryny kämilleşdirmek we işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, şol sanda «Çapar» ykjam programmasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýar. «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işi barada has giňişleýin maglumaty guramanyň resmi saýtynda, 075 gysga belgä jaň edip, şeýle hem «Google Play-de» we «AppStore-da» ýükläp almak üçin elýeterli bolan «Çapar» ykjam programmasyndan alyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir