Ýakynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň göçme kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Erkekelriň arasynda geçirilen ýaryşa toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýaryş iki toparçada geçirilip, oýunlaryň netijesinde 4 sany topar, ýagny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi», «Gala», «Migrasiýa» we «Binagär» toparlary ýarym finala çykmagy başardylar. Ýarym finalda «Nebitçi» «Galadan», «Migrasiýa» bolsa «Binagärden» üstün çykyp, finala çykdy. Ýüzlerçe tomaşaçyny özüne ýygnan final duşuşygynda bolsa geljekki nebitçiler Döwlet Migrasiýa gullugynyň toparyny 3;2 hasabynda ýeňip, arzyly kubogyň eýesi boldular. Döredilenine köp wagt bolmadyk talyplardan düzülen «Nebitçi» topary owadan oýunlary bilen gysga wagtyň içinde uly meşhurlyga eýe bolmagy başardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir