Russiýanyň köp dürli hyzmatly logistika operatory bolan PEK «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda toparlaýyn ýükleri eltip berme hyzmatyny ýola goýdy diýip, Logistic.ru portaly habar berýär. Yzygiderli gatnawlar iki hepdede bir gezek amala aşyrylýar we indiki ýyl olaryň sany köpeler diýip, çeşme belleýär. PEK ýurtda 1 kg-dan 20 tonna çenli agramly toparlaýyn ýükleri eltip bermek boýunça toplumlaýyn hyzmaty ýola goýdy, bu diňe bir ahyrky alyja eltip berek bilen çäklenmän, eýsem resminamalary taýýarlamaga, ammar logistikasyna hem kömek edýär. Ýükleri gaýtadan işlemek we birleşdirmek üçin bu kompaniýa halkara howa menzilinden 5 km we Türkmenistany Gazagystan we Russiýa bilen birleşdirýän E60 awtoulag ýolundan 28 km uzaklykda ýerleşýän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hyzmatdaşlyk şahamçasyny açdy. Ýükleri Aşgabatdan Moskwa eltip bermek üçin 6—8 gün gerek bolýar. Şeýle-de bolsa, «PEK: GLOBAL»-yň ýolbaşçysy Anton Buýanowyň belleýşi ýaly, Türkmenbaşy bilen Astrahanyň arasynda yzygiderli parom hyzmatynyň ýola goýulmagy eltip bermegi has ýeňilleşdirer. Türkmenistan köp dürli hyzmatly logistika operatorynyň geljek ýyl açjak ýeke-täk üstaşyr ýolunyň bir bölegine öwrüler. Täze Ýüpek ýoly Russiýanyň, Orta, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlarynyň üstünden geçer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir