25-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hiroşi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada institutyň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda institutyň rektory türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde hereket edýän okuw we ylmy merkezleri barada, şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky, dostlukly ýurtlaryň gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, taraplar Halkara gatnaşyklary instituty we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipler ara alyp maslahatlaşyldy. Resmi duşuşykdan soňra ilçi üçin guralan ýörite gezelenjiň dowamynda abraýly myhman institutyň halkara gatnaşyklary boýunça türk we iňlis dillerindäki kitaphanasy, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigi geçirilýän türkmeniň Ak öýi, institutda taýýarlanylýan «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetiniň redaksiýasy hem-de institutyň okuw studiýasy bilen ýakyndan tanyş boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir