Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburgda geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy. Rus Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Russiýanyň Prezidenti Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan baran kärdeşlerini Sankt-Peterburgyň köşk we seýilgäh toplumlaryna aýlanyp görmäge çagyrdy. Resmi däl sammit başlamazdan ozal GDA ýurtlarynyň Baştutanlary «Pawlowsk» we «Sarskoe Selo» muzeý-goraghanalaryna baryp gördüler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir