Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Ýaşlar --- Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi bilen gutlady. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet Baştutanyna gutlag bilen ýüzlenmesinde şeýle diýdi: — Siziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzy uly buýsanç bilen kabul etdim. Bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek bu kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Ýaşlar biziň aýdyň geljegimizdir. Ösüşlerimiziň batly gadamlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlara uly orun berilýär. Olar üçin ähli döwrebap şertler döredilýär. Uly üstünliklere beslenen bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşandyklaryny aýratyn belläsim gelýär. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol- ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde hem gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýaryn. Täze ýylyň bosagasynda türkmen ýaşlaryna bagyşlan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň ilkinji sanyny maňa ibermegiňiz mende buýsançly duýgulary has-da artdyrdy. Pursatdan peýdalanyp, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyňyzyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Galamyňyzyň ýiti, döredijilik älemindäki gadamlaryňyzyň dowamat-dowam bolmagyny arzuw edýärin. Janyňyz sag we ömrüňiz uzak bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriňiz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir