Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramy mynasybetli russiýaly meşhur estrada aýdymçylary Olga Şultaýs bilen Nýuşa Şuroçkinanyň bilelikdäki konserti baýramçylyk dabaralarynyň üstüni ýetirdi. Ady agzalan sungat ussatlarynyň ýurtda ozal hem birnäçe gezek çykyş edip, muşdaklaryň gyzgyn söýgüsini gazanandygyny nygtamak gerek. Sahnanyň Täze ýyl ruhundaky bezegleri, köpöwüşginli yşyklaryň sazlaşygy baýramçylyk konsertine üýtgeşik öwüşgin çaýdy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. 2019-njy ýylyň awgustynda konsert maksatnamasy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelen mahalynda, Aşgabatda önüp-ösen Olga Şultaýs ýurtda geçiriljek nobatdaky konsertine çenli Türkmenistan bilen bagly aýdym döretjekdigini aýdypdy. Ömür ýolunyň ilkinji ädimlerini Aşgabatda äden aýdymçy merjen şäherimize bagyşlap düzen «Paýtagt» atly aýdymyny türkmenistanlylara sowgat etdi. Olga Şultaýs žurnalistler bilen söhbetdeşliginde: «Men ata Watanymda ýene-de döredijilik saparynda bolýandygyma diýseň begenýärin. Türkmenistandaky ähli zatlar maňa juda ýakymly görünýär. Bu gezek täze aýdymlarym bilen geldim. Aşgabadyň gözelligi her bir adama, hususan-da, döredijilik bilen meşgullanýanlara ylham berýär. Men şeýle şäherde doglandygyma buýsanýaryn» diýip, duýgularyny dile getirdi. Geçen ýylyň edil şu günlerinde Russiýanyň meşhur estrada ýyldyzy Nýuşa Şuroçkina Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, türkmenistanly muşdaklaryna ruhy lezzet paýlapdy. Bu babatda ol: «Aşgabatda konsert berenim edil düýn ýalydy. Eýýäm bir ýyl geçipdir. Ýene-de bu ajaýyp şähere Täze ýylyň baýramçylyk şowhunyny artdyrmaga geldik. Dogrusy, türkmen sahnasynda birnäçe gezek çykyş edendigime garamazdan, bu ýerde aýdym aýtmak uly jogapkärçilik» diýip, buýsanjyny paýlaşdy. Şu gezekki konsertiň dowamynda ol birnäçe täze aýdymlary bilen birlikde, ony halkara derejede uly abraýa eýe eden aýdymlaryny-da aýtdy. 8 müň töweregi tomaşaçy onuň tas ähli aýdymlaryny diýen ýaly özi bilen bilelikde ýerine ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir