Dürli pudaklarda işleýänler, şeýle hem söwda, restoran torlarynda hem-de myhmanhanalarda zähmet çekýän hünärmenler üçin ýörite iş geýimlerini we uniformalary tikmäge ýöriteleşen «Sarayan» hojalyk jemgyýeti geýimleriň gyşky nusgalaryny taýýarlamak üçin sargytlary kabul edýär. Gyşky iş geýimleri birnäçe aýratynlyklary, esasan-da ýylylygy saklamagy, rahat we ýeňil, dykyz bolmagy hem-de suw geçirmezligi bilen tapawutlanýar. «Sarayan» gyşky iş geýimleri we uniformalary öndürmek üçin ýokary berklikdäki tebigy hem sintetik matalary we ýyladyjylary ulanýar. Olaryň hatarynda gabardin, plaş matasy we has berkligi, suw geçirmeýänligi, ýelden goraýanlygy bilen tapawutlanýan, Türkiýede öndürilen «Oksford» materialy bar. Ol, esasanam, deňiz senagatynda işleýän işçiler üçin zerurdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir