Stambulda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal ulag geçelgesine gatnaşýan ýurtlaryň demir ýol administrasiýalarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Onda bu ulag ýolunyň ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Özbegistanyň demir ýollarynyň» maglumat-seljeriş mediýa merkezi tarapyndan habar berildi. Duşuşykda, esasan, demir ýolda bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň girizilmegi we bu ugur boýunça daşamalaryň mukdarynyň ýokarlanmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu ugur boýunça daşamalar üçin elýeterli we bäsdeşlige ukyply bahalaryň kesgitlenmegi harytlaryň we ýükleriň daşalýan mukdaryny ýokarlandyrmaga kömek eder diýen netijä geldiler. Duşuşykda gatnaşyjy ýurtlaryň demir ýol administrasiýalarynyň arasynda degişli Teswirnama gol çekildi. Bu resminama ulag geçelgesini ösdürmekde möhüm ädim boldy, çünki ol bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli taraplaryň hyzmatdaşlyga we bilelikdäki tagallalara razylygyny berkidýär. «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ulag geçelgesini döretmek baradaky Teswirnama Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň 12-nji ýygnagynyň çäginde gol çekildi. Bu geçelge ulag infrastrukturasyny we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir