25-nji dekabrda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň web sahypasynda habar berildi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegine, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegine bagyşlanan dürli medeni çäreleri geçirmek barada pikir alyşdylar. Duşuşykda medeniýet we sungat ugurlarynda, bilelikdäki çäreleri geçirmek we özara tejribe alyşmak babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy diýlip, habarda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir