2024-nji ýyl üç sany täleý ýyldyzy üçin bagtly ýyllaryň biri boljakdygyny wada berýär: Sowur (Öküzçe), Jöwza (Ekizekler), Jedi (Owlak). Bu ýyldyzlarda doglanlara ösmek we maksatlaryna ýetmek üçin köp mümkinçilikleri berjek güýçli astrologiki energiýalar täsir eder. Terezi 2024-nji ýyl durmuşynyň özgermegi we şowlulygy alamatlandyrýan Ýupiter planetasynyň peýdasy bilen başlar. Ýupiteriň energiýasy täze başlangyçlar we taslamalar üçin amatly şertleri döredip, maý aýynyň ahyryna çenli Sowurlara täsir eder. Bu döwür Sowurlar üçin töwekgelçilik edip, täze durmuş öňegidişliklerini açmak üçin mümkinçilikdir. Astrologlar şeýle-de Sowurlara özleriniň fiziki we psihologiki ýagdaýlaryna aýratyn üns bermegi maslahat berýärler. Maý aýynyň ahyry Jöwzalar üçin Ýupiteriň geçişini öz täsirlerine getirer. Bu bolsa Jöwzalary kuwwatly täsir bilen üpjün eder. Ýylyň galan döwründe Jöwzalar özlerini dünýä bilen bir tolkunda duýarlar, bu bolsa olar üçin köp sanly mümkinçilikleri açar. Astrologlar Jöwzalary öz başlangyçlaryny öňe sürmäge, görkezmäge, kesgitli netijeleri çykarmaga hem-de maksatlaryna tarap doly ymtylmaga çagyrýarlar. Munda öz intuisiýalaryňa ynanmak hem möhümdir. Jediler üçin 2024-nji ýyl ozal durmuşa geçirilmedik meýilnamalary amal etmegiň wagty bolar. Maý aýyna çenli, esasanam, aprel aýynda Ýupiter we Uran planetalarynyň täsiri sebäpli şowlulyk hem-de üstünlik Jedileriň tarapynda bolar. Astrologlar Jedilerden möhüm habardyr alamatlary duşundan geçirmezlik üçin ykbalyň alamatlaryna we mümkinçiliklerine ünsli bolmagy maslahat berýärler. Bu ýyldyzyň wekilleriniň iň söýgüli arzuwlaryny amala aşyrmak üçin ähli şertleri bolar. Ýyldyzlar olaryň tarapynda bolar, ýöne üstünlik gazanmak üçin köp zähmet we erjellik gerekdigini unutmaly däldir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir