Daniýanyň Demirgazyk Ýutlandiýa adasynyň kenar ýakasyny Maersk kompaniýasynyň gämisinden deňze gaçan harytlardan arassalamak işleri köp wagta, hatda birnäçe aýa çekip biler. Bu barada ýurduň halas ediş gullugynyň işgäri Tomas Dýuurlu aýtdy diýip, «Report.az» ýazýar. Gürrüň geçen annada «Piýa» deňiz tupany wagtynda suwa gaçan 46 konteýner barada barýar. Konteýnerleriň dördüsi gury ýere ýetdi, galanlary deňizde ýüzüp ýör, käbirleri gark boldy. Häzir kenarda aýakgaplardyr lukmançylyk enjamlarynyň, harap bolan sowadyjylaryň we beýleki zatlaryň ýüzlerçesi çaşyp ýatyr. Ýerli häkimiýetler kenara taşlanan harytlaryň ýene-de deňze düşmeginden howatyrlanýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir