Hytaýyň Szilin ülkesindäki şypahananyň çägini 500 sany gar adam bezeýär. Olaryň her biriniň boýy iki metre ýetýär diýip, «24KZ» habar berýär. Gar adamlary ýasamak bu ýerde işleýänleriň her ýylky ýakymly däbi, olar ilkinji gezek şeýle äpet gar heýkelleri 2015-nji ýylda ýasadylar. Şonda gar adamlary elde topladylar, bu uzak wagty aldy. Bu ýyl welin, gar adamlary ýasamak üçin ekskawatorlar peýdalanyldy. Olaryň kömegi bilen, 10 sagatda 200-den gowrak gar heýkelleri ýasap bolýar. Täsin görnüşler jahankeşdeleri özüne çekýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir