Google kompaniýasy öz programmalar dükany üçin täze funksiýany işe girizmäge taýýarlanýar. Google Play hyzmatlarynyň dekabr aýyndaky täzelenmesi ulanyjylara birikdirilen gurluşlardan programmalary uzak aralykdan bozmaga mümkinçilik berýän synag opsiýasyny öz içine alýar. Täzelik heniz iş ýüzünde güýje girenok. Bu funksiýanyň soňrak resmi we umumy elýeterli bolmagyna garaşylýar. Ýöne TheSpAndroid tehnoblogeri bu funksiýany eýýäm synagdan geçirdi we işiň jikme-jiklikleri bilen paýlaşdy. Muny rbclife.ru ýetirýär. Ol geljekde bu funksiýa isleg bildirýänleriň ählisiniň elýeterli bolup biljekdigini ýazýar. Munuň üçin Play Store programmasynda “Programmalary we gurluşy dolandyrmak” bölümine girmeli. Soňra: “Dolandyryş” sahypasyna geçmeli; Ähli birikdirilen gurluşlaryň sanawy peýda bolar ýaly häzirki gurluşyň adyna basmaly we ulanyjynyň göz öňünde tutýan gurluşyny saýlamaly; Programmalar sanawyndan bozmaly programmany saýlamaly; Sag tarapdan ýokarky burçdaky bozmak nyşanjygyna basyp, amaly tamamlamaly. Haçan-da ulanyjy Google Play Store-dan Android-e bir programmany gurnanda, ulgam bu programmany beýleki gurluşlara-da gurnamagy teklip edýär. Indi şeýle ssenariýa boýunça olary beýleki gajetleriňizden uzak aralykdan bozup bilersiňiz. Şeýle-de, bu funksiýa programmalary eýeleýän ýadynyň göwrümine görä tertipleşdirmäge mümkinçilik berer. Netijede, agyr programmalary anyklamak aňsat bolar we olary zerur bolan ýagdaýynda aýryp, gurluşyň öndürijiligini ýokarlandyrmak bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir