«Subaru» 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek Tokio awtoulag sergisinde «WRX» we «BRZ» awtoulaglarynyň täze sport görnüşlerini görkezer. Bu barada awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugy habar berdi. Ýapon kompaniýasynyň bölüminde çäkli sanda öndürmek meýilleşdirilýän «WRX S4 STI Sport-yň» ýörite nusgasy tanyşdyrylar. Awtoulag kämilleşdirilen dolandyrylyşy we hereketiniň ýeňilligi bilen tapawutlanar. Täze awtoulagyň suratynda onuň bagažnik gapagynda spoýleriň ýerleşdiriljekdigini we täze teker diskleri bilen üpjün ediljekdigini görmek bolýar. Awtoulag öndürijisi tanyşdyrylyşdan öň täze ulagyň jikme-jik tehniki aýratynlyklaryny aýan etmeýär. Ýapon kompaniýasy «Super GT 2023» çempionatyna gatnaşmak üçin taýýarlanan «Subaru BRZ GT300» ýaryş kupesini hem görkezer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir