Amerikan kinosungat akademiýasy 10 kategoriýada “Oskar” baýragyna dalaşgärleriň gysga sanawyny hödürledi. Sanaw akademiýanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, REN TW teleýaýlymy habar berýär. Şeýlelikde, “Iň gowy daşary ýurt çeper filmi” nominasiýasynda 15 film dalaşgär görkezilýär. Olaryň hatarynda germaniýaly režissýor Wim Wendersiň “Ajaýyp günler” (Perfect days), meksikaly režissýor Lila Awilesiň “Totem”, ispaniýaly Huan Antonio Baýonanyň “Gar jemgyýeti” filmi we beýlekiler bar. “Iň gowy aýdym-saz” kategoriýasynda baýrak üçin beýlekiler bilen bir hatarda “Barbi”, “Oppengeýmer”, “Oglan we guş” ýaly filmler dalaş edýär. “Iň gowy dokumental film” nominasiýasynda görkezilen dalaşgärleriň arasynda ABŞ-dan režissýor Mettýu Heýnemanyň “Amerikan simfoniýasy”, amerikaly Madlen Gewiniň “Utopiýadan aňyrda” (Beyond Utopia), çilili Meýti Alberdiniň “Ebedi hatyra” filmi bar. Mundan başga-da, abraýly kino baýragy üçin dalaşgärler “Iň gowy gysga metražly dokumental film”, “Iň gowy grim we saç bezegi”, “Iň gowy aýdym”, “Iň gowy gysga metražly multfilm”, “Iň gowy çeper gysga metražly film”, “Iň gowy ses”, “Iň gowy wizual effektler” kategoriýalarynda görkezildi. Öň, Amerikan kinosungat akademiýasynyň metbugat gullugy “Oskar” kino baýragynyň 96-njy gowşurylyş dabarasynyň 2024-nji ýylyň 10-njy martynda geçiriljekdigini habar berdi. Onuň alypbaryjysy komik Jimmi Kimmel bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir