Braziliýanyň Deputatlar palatasy (ýurduň Kongresiniň aşaky palatasy) Peläniň gününi döretmek hakynda kanunyň taslamasyny tassyklady diýip, lenta.ru habar berýär. Baýramçylyk üç gezek futbol boýunça dünýäniň çempiony Pelä bagyşlanýar we ony 19-njy noýabrda tutuş ýurtda belläp geçmek teklip edilýär. 1969-njy ýylda şol gün braziliýaly futbolçy karýerasyndaky müňünji goluny tora girizdi. Indi kanunyň taslamasy tassyklamak üçin Senata iberiler. Aprel aýynda Peläniň ady Portugaliýanyň sözlügine girizildi. Ol «Iň gowusy» sözüniň sinonimi hökmünde girizildi. Pele geçen ýyl 29-njy dekabrda içki organlarynyň näsazlygy sebäpli 82 ýaşynda aradan çykdy. Braziliýaly futbol boýunça üç gezek dünýäniň çempionydyr. Ol «Santos» toparynyň düzüminde 18 ýyl çykyş etdi we topar bilen alty gezek Braziliýanyň çempiony boldy. 1999-njy ýylda Halkara Olimpiýa komiteti hüjümçini «Asyryň türgeni» diýip ykrar etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir