Boks söweşlerine gatnaşýan meşhur amerikaly bloger Jeýk Pol indiki söweşini 2-nji martda Puerto-Rikoda geçirer. Bu barada Most Valuable Promotions promouter kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi diýip, championat.com ýazýar. Onuň garşydaşy heniz belli däl. Onuň ady soňrak yglan ediler. Pol professional ringde ilkinji gezek 2020-nji ýylda çykyş etdi we jemi sekiz söweş geçirip, olaryň ýedisinde ýeňiş gazandy (dördüsi – möhletinden ir). Jeýk soňky söweşinde watandaşy Andre Awgust bilen duşuşdy. Söweş 16-njy dekabra geçilýän gije ABŞ-nyň Orlando şäherinde geçirildi we birinji raundda Poluň nokaut arkaly ýeňşi bilen tamamlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir