Apple kompaniýasy indiki ýyl satuwa çykarjak CarPlay-iň indiki nesliniň tehnologiýasynyň şahsylaşdyrma mümkinçiliklerini görkezdi. Mysal üçin, ulgamy ilkinjileriň hatarynda ulanjak Aston Martin we Porsche markalary saýlandy diýip, CarBuzz ýazýar. CarPlay-yň täze wersiýasy diňe merkezi multimediýa duýgur ekrany däl, eýsem, awtoulagdaky bar bolan ähli ekranlar bilen birleşip biler. Şol bir wagtyň özünde, her awtoulag öndürijisi üçin maglumatlary görkezmegiň stili aýratynlykda işlenip düzüldi. Şeýlelik bilen, Aston Martin üçin sanly dolandyryş paneli markanyň öz reňklerinde arasy “penjireli” iki sany siferblat görnüşinde amala aşyrylar. Porsche üçin Pepita fon nagşyly klassiki oturgyç daşlygyny görkezýän üç sany gural topary sanly görnüşde köpeldildi. Täze Porsche Cayenne we Panamera üçin Apple kompaniýasy öňdäki ýolagçynyň ekrany bilen aragatnaşygyk saklamagyny göz öňünde tutdy. Aston Martin-iň DB12 model maşgalasynda CarPlay -yň täze wersiýasy çykar. Geçen ýylky bildirişe görä, JLR, Mercedes-Benz, Nissan, Ford, Lincoln, Audi, Acura, Volvo, Honda, Renault, Infiniti, Polestar hem tehnologiýanyň birleşdirilmegine taýyn. Awtoulag eýeleriniň iPhone-lary bortdaky maglumatlary saklamaz diýip takyklanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir