Urugwaýly hüjümçi Luis Suares “Inter Maýami” klubuna geçdi. MLS bu barada X sosial ulgamynda habar berdi. 36 ýaşly futbolçy bilen şertnamanyň möhleti heniz aýan edilenok. Öň, ESPN hüjümçiniň amerikan kluby bilen 1+1 shemasy boýunça şertnama baglaşjakdygyny habar beripdi. Täze toparda Suares 9-lyk belgide çykyş eder. Suaresiň soňky kluby Braziliýanyň “Gremiosy” boldy. Ol geçen möwsüm Braziliýanyň çempionatynda 17 gol geçirip, 11 netijeli geçirim etdi. Urugwaýyň milli ýygyndysynyň taryhynda 137 oýunda 68 gol bilen iň gowy hüjümçi Suares “Inter Maýamide” “Altyn topuň” sekiz gezek eýesi Lionel Messi, Serhio Buskets we Žordi Alba bilen birleşdi. Bu oýunçylar “Barselonada” bile oýnapdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir