Singapur bilen Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpuryň arasyndaky uçuş gatnawy 2023-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde iň meşhur gatnaw boldy. Bu barada Britaniýanyň OAG gözleg kompaniýasynyň reýtinginde aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär. Geçip barýan ýylda bu ugur boýunça iki tarapa uçan uçarlarda 4,9 mln ýolagçy orny elýeterli boldy, bu bolsa 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende bir ýarym esse köpdür. Iki şäheriň arasyndaky uçuş bary-ýogy bir sagat töweregi wagt alýar. Ikinji orny Kair – Jedda gatnawy (4,8 mln orun elýeterli, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 38% ösüş), üçünji orny Gonkong – Taýbeý gatnawy (4,6 mln, +130%) eýeledi. Şeýle-de, ýolagçylaryň arasynda iň meşhur ugurlaryň onlugyna Dubaý – Er-Riýad, Jakarta – Singapur, Bangkok – Singapur we Bangkok – Seul girdi. Ilkinji onlukda Aziýadan bolmadyk ýeke-täk gatnaw Nýu-Ýork bilen Londonyň arasyndaky uçuşdyr. Atlanta amerikan şäheriniň howa menzili dünýäde iň köp gelim-gidimli howa duralgalarynyň reýtinginde birinji orny saklady – 2023-nji ýylda ol 61,2 mln orunlyk uçuşlara hyzmat etdi, bu bir ýyl ozalkydan 12% köpdür. Ikinji orunda Dubaýyň howa menzili, üçünji orunda Tokionyň Haneda, dördünji orunda Londonyň Hitrou howa menzili ýerleşýär. Ilkinji onlukda ýeke-täk täze howa menzili kabul edilen we ugradylan gatnawlarda 43,4 mln orun bilen onunjy orny eýelän Guançžou boldy. 2022-nji ýylda howa menzili reýtingde 16-njy orny eýeledi.