«Lexus» ABŞ-da täze gibrid hereketlendirijisi bilen üpjün edilen 2025-nji ýyl üçin niýetlenen «UX» krossoweriniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Gibrid hereketlendiriji iki litrlik benzin motoryny, ýeňil litiý-ion batareýasyny, iki motor-generatory we öwrüm pursatynda agramy öňdäki tekerlere geçirýän planetar reduktory öz içine alýar. Awtoulagyň umumy kuwwaty 296 at güýjüne deň. Yzky oturgyjyň aşagynda ýerleşýän çekiş batareýasy salonyň we goş goýulýan bölümiň (bagažnik) giňligine täsir etmeýär. Täzelenen «Lexus UX 300h» görnüşi ähli tekerleri hereketli ulgama eýe bolar. Ähli tekerleri hereketli krossower 100 km/sag tizlige 7,9 sekuntda çykýar, öňdäki tekerleri hereketli görnüşi bolsa 8 sekuntda ýetýär. Awtoulagyň salonynda gapy panelleri we merkezi konsol üçin täze bezeg ulanyldy. Öňdäki oturgyçlar ýyladyş we howa çalşygy ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir