Ýapon alymlary adam beýnisiniň signallaryny gaýtadan işlemegiň esasynda şekil döredip bilýän tehnologiýany döretdiler. Bu generatiw emeli aňyň kömegi bilen mümkin boldy. Synagyň çäklerinde Milli kwant ylymlary we tehnologiýalar institutynyň topary synag edilýänler obýektleriň şekillerine seredenlerinde, olaryň beýnisinde döreýän signallaryny ýüze çykardylar. Olara 1200 töweregi surat görkezildi. Olaryň beýnisiniň işjeňligi funksional magnit-rezonans tomografiýasy (MRT) arkaly derňeldi. Mundan başga-da, suratlar emeli aňyň maglumatlar bazasyna ýüklendi. Ulgam şekilleri adam beýnisinden gelýän signallar bilen baglanyşdyrdy. Alnan netijelere görä, leopardyň şekili hakykata iň ýakyny boldy. Onuň agzyny, gulaklaryny we tegmilli reňkini görmek bolýardy. Alymlaryň bellemeklerine görä, şeýle tehnologiýa aragatnaşyk enjamlaryny döretmek, şeýle hem galýusinasiýalaryň we düýşleriň mehanizmlerine düşünmek üçin peýdalanylyp bilner.