Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji bölüm 14-nji bölüm 15-nji bölüm 16-njy bölüm 17-nji bölüm 18-nji bölüm 19-njy bölüm 20-nji bölüm 21-nji bölüm ULY BOLMADYK, ÝÖNE ÖRÄN GÜÝÇLI SÖWDA GURALY Her söwdagäriň hususy wizit kartoçkalary bar. Ýöne men bir ýylda hatda 500 kartoçkadan ybarat bir gutyny hem ulanmaýanlaryň köpüsini tanaýaryn. Bu mukdary men bir hepdäniň dowamynda özleşdirýärin. Eger biznesimi çäklendirip biljek haýsy hem bolsa bir zady etmäge meni mejbur etseler, bu maňa örän kyn düşerdi. Ýöne hakykatdanam şol akyla sygmajak zady etmäge mejbur bolsam, onda saýlawumy öz wizit kartoçkalarymda saklardym. Ýöne bu diňe bir dileriň söwda agentleri üçin çap etdirýän, bir burçunda agentiň familiýasy, ady we telefon belgisi görkezilen, onuň özi barada bolsa üýtgeşik ýa-da şahsy zat aýdylmadyk adaty, standart wizit kartoçkasy däl. Meniň wizitkam diňe meniň şahsy wizitkam we diňe meniň wizitkamdyr. Onda hatda meniň suratym hem bar. Elbetde, munuň ýaly wizitkany çap etdirmek üçin men goşmaça pul tölemeli bolýaryn. Ýöne bu özüni ödeýär! Meniň üçin wizit kartoçkalary bahasyna ýetip bolmajak iş serişdesi. Men olary hemişe ulanýaryn, şonuň üçin salgyt deklarasiýamda görkezilen çykdajylaryň birisi-de, wizit kartoçkalary üçin edýän çykdajylarymyň ýarysyna ýetmeýär – men ep-esli salgyt töleýärin ahbetin, üstesine mende dürli iş çykdajylary bar. Ýöne, şeýle-de bolsa, häzirki wagtda gelşikli we maglumatly wizit kartoçkalary çap etmek gymmada düşmeýär. Elbetde, bu ýerlikli sarp edilen pul bolup biler. Baran ýerlerimde wizit kartoçkalarymy paýlaýaryn. Olary hatda restoranda töleýän pullarymyň ýany bilen hem berýärin. Adamlaryň ählisi diýen ýaly maşyn sürýär, islendik ofisiant ýa-da ofisiant zenan, aýdaly, olara wizitkamyň ýany bilen öňküden bir az köp çaý puluny goýsam, meniň üçin bolaýmagy mümkin müşderidir. Bu ýerde hiç-hili hile ýa-da artyk pul harjy diýilýän zat ýok. Adamlara özüňizi aşa baý diýip hasap etdirmegiň geregi ýok, sebäbi olaryň kellesine, size asla biznesiňiz zerur däl diýen pikir gelmegi mümkin. Mysal üçin, restoranda naharlandyňyz, bu-da 20 dollara barabar boldy diýeliň. Adaty 15 göterim çaý haky 3 dollara deň. Men adatça 4 dollar, goşmaça bolsa wizitkamy goýýaryn. Şonda olar Jo Jirardy ýatlarynda saklarlar. Meniň hatda uly sport çärelerinde wizit kartoçkalaryny zyňmak endigim bar. Futbol oýny wagtynda, eger janköýerlik edýän topary pökgä eýelik etse ýa-da ony derwezä salsa, janköýerler böküp ýerinden galýarlar, gygyrýarlar, ellerini ýaýkap, dürli joşgunly sözleri we şygarlary gygyrýarlar, şonda menem şolaryň edenini edýärin. Ýöne şonuň bilen bilelikde, men kagyz sumkada ýanym bilen getiren wizit kartoçkalarymyň hemmesini zyňyşdyrýaryn. Hawa, men stadiony hapalaýaryn diýseň hem bolýar. Ýöne kartoçkalaryň iň bolmanda birisi awtoulaga mätäjiň ýa-da özi ýaly mätäji tanaýan adamyň eline düşse, pulumy we güýjümi biderek sarp etmedim we şu günimi biderek geçirmedim diýip hasap edip bilerin. Siz meniň bu bolşumy geň görýän bolmagyňyz ahmal, ýöne munuň awtoulaglaryň goşmaça söwdasyny etmäge kömek edýändigine ynanýaryn. Mundan başga-da, beýle etmek bilen men öz şahsyýetime goşmaça gyzyklanma döredýärin we müşderilerimde menden satyn almak islegini döredýärin, sebäbi wizit kartoçkalary zyňmak adaty däl bir zat, şonuň üçin hem adamlar muny ýatdan çykarmaýarlar. Bu ýerde iň esasysy, adamlaryň bar bolan islendik ýerinde, alyjylar hem bar bolup biler. Eger olara-da bu ýerde bardygyňyzy bildirseňiz, şunuň bilen bilelikde, näme bilen meşgul bolýandygyňyzy olara aýtsaňyz, onda biznesiňizi giňeldersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir