Xiaomi hytaý öndürijisi markanyň enjamlarynyň işleýän MIUI operasion ulgamy bilen resmi taýdan hoşlaşyk wideosyny çykardy. Üç minutlyk wideoda kompaniýanyň wekilleri launçeriň ähli wersiýalarynyň taryhyny, aýratynlyklaryny we dizaýnyny ýada saldylar. Operasion ulgamynyň geçmişe giden ilkinji wersiýasy MIUI V1 2010-njy ýylda çykypdy. Iň soňky wersiýasy 2023-nji ýylda çykan MIUI 14.0.8.0 boldy. MIUI-niň esasy üýtgeşmeleri: MIUI 6 - redizaýn; MIUI 7 - çagalar režimi peýda boldy; MIUI 8 - programmany klonirlemek aýratynlygy elýeterli boldy; MIUI 9 - ekrany bölmek ukyby peýda boldy; MIUI 10 - “Golaýdakylar” atly täze displeý peýda boldy; MIUI 11 - interfeýs üýtgedi, hasam minimalistik boldy; MIUI 12 - gizlinlik bilen baglanyşykly täze opsiýalar; MIUI 13 - saýlanan programmalar bilen gapdal paneli peýda boldy; MIUI 14 - teksti tanamak we enjamlaryň ekoulgam baglanyşygy peýda boldy. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Xiaomi MIUI-niň ornuny tutýan HyperOS operasion ulgamyny hödürledi. Täze OS-ny ilkinji aljak enjamlaryň arasynda Xiaomi 14 we 14 Pro smartfonlary, şeýle hem Watch S3 akylly sagady bar. Işläp düzüjileriň berýän maglumatlaryna görä, bu diňe MIUI-de bolşy ýaly, Android-iň üstündäki gabyk däl, eýsem, enjamlaryň uly kategoriýasyna laýyk gelýän doly hukukly platforma we Xiaomi ekoulgamynyň bir bölegi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir