Hindistanyň Aditya-L1 Güni öwreniş kosmos stansiýasy 6-njy ýanwarda missiýanyň iň soňky nokadyna (Lagranž L1 nokady) ýeter we ol ýerden Güne gözegçilik eder. Bu barada Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasynyň (ISRO) başlygy Şridhara Somanath žurnalistlere habar berdi. "Aditya-L1 6-njy ýanwarda L1-e nokadyna girer" – diýip, ol nygtady we "takyk wagtynyň degişli wagtda yglan ediljekdigini" aýtdy. Somanath: "Stansiýa L1 nokadyna ýetende, ondan aňry hereket etmeginiň öňüni almak üçin hereketlendirijini täzeden işletmeli bolarys" –diýip belledi. Enjam L1 nokadynda üstünlikli oturdylandan soň, geljekki bäş ýylyň dowamynda ol şol ýerde galar we diňe bir Hindistan üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin möhüm maglumatlary ýygnar diýip, ISRO-nyň başlygy düşündirdi. Ol: "Bu maglumatlar Günde bolup geçýän hadysalara we onuň durmuşymyza edýän täsirine düşünmek üçin örän peýdaly bolar" – diýip nygtady. Aditya-L1 2-nji sentýabrda Ýeriň orbitasyna çykarylypdy. Üç hepde töweregi wagtdan soň, enjam Ýerden 1,5 million km uzaklykda ýerleşýän Lagranž L1 nokadyna barýan ýoluň traýektoriýasyna geçirildi. Gün-Ýer ulgamynda Lagranž L1 nokady kosmos stansiýasy üçin Güni synlamaga amatly ýerdir. Bu ýerde onuň öňüne Aý hem,Ýer hem gabat bolmaýar.