Forbes-iň maglumatlaryna görä, Apple-iň baş direktory Tim Kukuň baýlygy 2 milliard dollar. Ýöne pulunyň bu mukdaryna garamazdan, ol dünýädäki iň baý adamlaryň arasynda bary-ýogy 1647-nji orny eýeleýär. Şol bir wagtyň özünde, Kukyň 10 million dollara durýan jaýy bar we haýyr-sahawat işi bilen meşgullanýar diýip, Business Insider ýazýar. Tim Kukyň arassa öz maýasy, takmynan, Apple-iň 3,3 millionlyk paýnamasyny öz içine alýar, bu kompaniýanyň häzirki bahasy boýunça, takmynan, 651,8 million dollar diýip kesgitlenýär. Kuk özüniň ummasyz aýlyk haky Apple-iň paýdarlarynyň arasynda agzalalyk döredensoň, 2023-nji ýylda aýlyk hakynyň azaldylmagyny talap etdi. SEC-iň hasabatyna görä, Kukyň 2023-nji ýyldaky umumy el haky puly 49 million dollar diýip kesgitlendi, bu 2022-nji ýylda töleneninden 40% köpdür. Resminamadaky ýene bir üýtgeşme, aýlygynyň köp böleginiň Apple-iň paýnamalaryň ösüşine bagly boljakdygyny görkezdi. Kuk baýlygynyň bir bölegini gozgalmaýan emläge sarp etdi. Onuň esasy rezidensiýasy - Kaliforniýa ştatynyň Palo-Alto şäherinde meýdany 223 m² bolan jaý. Şeýle hem, Kaliforniýanyň La-Kwinte şäherinde 2021-nji ýylda, takmynan, 10 million dollar töläp alan örän giň jaýy bar. Millioneriň öýünde iki aşhana, bäş ýatylýan otag, alty sany hammam we howuz bar. Şeýle hem, SEC-iň resminamalary onuň 2019-njy ýylda Roždestwonyň yzysüre ady agzalmadyk haýyr-sahawat guramasyna 2 million dollar peşgeş berendigini görkezýär. 2018-nji ýylyň awgust aýynda bolsa ady agzalmadyk başga bir haýyr-sahawat guramasyna 5 million dollar töweregi pul berdi. Öň beren sadakalaryndan Robert F. Kennediniň Adalat we adam hukuklary merkezine hem-de Adam hukuklary kampaniýasyna maliýe goldawy mälimdir. Mundan başga-da, Apple-iň baş direktory Kuk Amazonkanyň tropiki tokaýlaryndaky ýangynlar we Kaliforniýadaky ýaşaýyş jaý krizisi üçin kompaniýanyň 2,5 milliard dollar goşmaça jemgyýetçilik sadakalaryny wada berýändigini yglan etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir