emes awtoulag öndürijisi «BMW» «lýuks» derejeli gämileri öndüriji «Tyde» kompaniýasy bilen bilelikde dünýädäki iň uly we iň kaşaň elektrik ýahtasyny döreder. Bu barada «Tyde» kompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Mälim bolan aýratynlyklara görä, «Open Tyde» diýlip atlandyryljak gäminiň uzynlygy 14,7 metr, iki 4,5 metr bolar. Gäminiň suw sygymy 11,5 tonna bolar. Bu ýahta hersi 100 kW kuwwatly iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün ediler we bu oňa 30 uzel (sagatda 55,5 km) tizlige ýetmäge mümkinçilik berer. «Open Tyde» gämisiniň 400 kWt batareýasynyň bir zarýadda geçýän aralygy kadaly deňiz tizliginde (kreýser tizliginde), takmynan, 50 deňiz miline (92 km) deň bolar. Gäminiň üçegi ýüzüş aralygyny artdyrmak üçin Gün panelleri bilen örtüler. «Tyde» bilen «BMW-niň» öňki bilelikdäki taslamasy – «The Icon» atly kaşaň elektrikli kater «BMW i3» elektrik awtoulagynyň akkumulýatorlary bilen enjamlaşdyryldy. «Open Tyde» hem nemes elektrik awtoulagynyň batareýalary bilen üpjün edilip bilner. Täze ýahtada bir adamlyk kaýuta we hammamly iki adamlyk ýatylýan otag göz öňünde tutular. «Open Tyde» gämisiniň bahasy kesgitlenilmedi, ýöne ondan öňki «Icon-yň» bahasy 2 million ýewro bolupdy.