Microsoft-y esaslandyrandan ýarym asyr töweregi wagt geçenden soň hem Bill Geýts IT çäginde täsirli şahsyýet we pudagy esaslandyryjylaryň biri bolmagynda galýar. Geýts öz blogynda AI (emeli aň) we innowasiýa hem-de geljek ýylda olaryň nähili ösjekdigi baradaky pikirlerini paýlaşýar. Geýtsiň pikiriçe, 2023-nji ýylda AI-iň okgunly ösüşi ýakyn geljegi öňküdenem beter kesgitlejek tehnologiýa tendensiýasynyň başlangyjydyr. Mundan başga-da, AI-niň üns merkezine öwrüljekdigini çaklaýar. Geýtsiň alty sahypalyk habarynda AI aňlatmasynyň 28 gezek gaýtalanýandygyny bellemelidiris. "Meniň pikirimçe, ABŞ ýaly ýokary girdejili ýurtlarda AI-niň umumy ilat tarapyndan ulanylyşynyň ep-esli derejä ýetmegine 18-25 aý galdy". Geýts ortatap ösen ýurtlarda AI-niň ulanylyşynyň, beýleki tehnologiki täzeliklere garanyňda, has çalt depginde ösmegine garaşýar. Geýts 2023-nji ýylda AI-ni ilkinji sapar iş we beýleki çynlakaý maksatlar üçin ulanandygyny boýun alýar. Geýts saglygy goraýyşy ösdürmek we bütin dünýäde garyplygy azaltmak işi bilen meşgullanýan Geýts Gaznasynyň alyp barýan işine ünsi jemlemek üçin 2000-nji ýylda Microsoft-yň baş müdiri wezipesinden aýryldy. Şonuň üçinem öz blogynda bu mowzuga hem degip geçdi. Derman serişdelerini işläp taýýarlamak prosesi eýýäm köp mukdarda maglumatlary derrew derňäp bilýän AI programmalaryny ulanýar, täze dermanlary bazara çykarmagyň wagtyny gysgaldýar. Bu pikirleriň käbiri işewürlik dünýäsinde seslenme tapýar. AI eýýäm kompaniýalara öz müşderileri barada has köp zat öwrenmäge, üpjünçilik zynjyrlaryny gowulaşdyrmaga we iş dinamikasyna has gowy düşünmek üçin maglumatlary saýhallamaga kömek edýär. Hatda ol täze kärhana açmak üçin iş meýilnamasyny döredip biler we biznes-keýsleri döretmek üçin AI-ni ulanmak bolsa eýýäm gowy ýola goýuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir